Günorta Koreýaly bir jübüt 500 müň dollarlyk sungat eserine zeper ýetirdiler-
olar amerikaly graffiti suratkeşi JonOneň suratyny çekip “tamamladylar”.
Bu surat Seuldaky Lotte World Mall galereýasynda sergilendi, diýip
Reuters hasabat berdi. Suratyň aşagynda suratkeşiň karýerasyny alamatlandyrýan,
gurnama bölegi hökmünde boýag we çotgalar bardy.
Är-aýal, gyzyklanýanlaryň hemmesiniň köpçülikleýin döredijilik aktyna
gatnaşyp bilmekleri üçin, maksat edinip boýagyň goýulandygyny pikir etdiler.
Sebäbi şuňa meňzeş döredijilik işlerine öňem gatnaşyp görüpdiler.
"Wandallar" galereýadaky gözegçilik kamerasy tarapyndan düşürildi. Polisiýa
ýazgylary gözden geçirenden soň, jübüti söwda merkezinden çykmazdan ozal
saklamagy başardylar. Soňra göýberdiler: galereýa olary günäkärlemezlik kararyna
geldi.
Bu wakadan soň suratlaryň töweregine haýat we gadagan ediji belgileri
oturdyldy.