Ýaponiýanyň hökümeti ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin dört
günlük iş hepdesine geçmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Daily Mail tarapyndan
habar berildi.
Hökümet, iş wagtynyň gysga bolmagy koronawirus pandemiýasy sebäpli
zyýan çeken, ýurduň syýahatçylyk pudagyna hem itergi berer diýip pikir edýärler.
Ýurtda bir aýyň içinde "üç günlük hepdelik dynç günleriniň saýlama ulgamyny"
synagdan geçirmek isleýär.
Hökümet adamlaryň iş bilen şahsy durmuşyň arasynda deňagramlylygy
saklamalydygyny belleýär. Üç günlük dynç alyş olara, mysal üçin çagalara ýa-da
garry garyndaşlaryna ideg etmäge kömek eder. Munuň ýene-de bir artykmaçlygy,
ýaponlaryň has köp syýahat etmegidir-neşirde ýazýarlar.
2019-njy ýylda Microsoft Japan iş öndürijiligini artdyran dört günlük iş
hepdesiniň synagyny geçirdi – adatdakysyndan 40 göterim köp görkezdi.
Dört günlük iş hepdesi baradaky pikir alyşmalar Ýewropada-da dowam edýär.
Geçen ýylyň dekabrynda Ispaniýanyň Zähmet ministrligi iş wagtyny azaltmak
teklibini öňe sürdi.