«МИР 24-iň» habar bermegine görä, Moskwada Leniniň mawzoleýini
täzeden açdylar. Koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, ol geçen ýylyň
17-nji noýabryndan bäri köpçülik üçin ýapylypdy. Bu ýerde mart aýyndan
bäri arassaçylyk işleri dowam edýär.
Mawzoleýe diňe bir Moskwanyň ýaşaýjylary däl, ýurduň beýleki
sebitlerinden hem syýahatçylar geldiler. Ekskursowodlaryň aýtmagyna görä,
mawzoleýe girmegiň şertleri ozalkydan üýtgemedi. Giriş — mugt. Mazar daşynyň
ýanynda uzak wagtlap durmaga rugsat berilmeýär. Mawzoleýe girenlere Leniniň
tabydynyň ýanyna aşak düşmek üçin bary-ýogy 80 sekunt wagt berilýär.
22-nji aprelde Wladimir Leniniň doglan senesine 151 ýyl dolýar. Şoňa görä-
de, hünärmenler onuň jesedi bilen bagly degişli arassaçylyk işlerini hem geçirdiler.
Mawzoleýe girmek üçin beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde berjaý edilýän
düzgünleri saklamak möhümdir, ýagny bu ýere gelenler agyz-burun örtüklerini
dakynmaly we ellikli bolmaly. Girelgede adamlaryň gyzgynlygy ölçelýär.