Gün nuruny bolluk bilen eçilensoň sahawatly topragymyzda bitýän gök we
bakja önümleriň arasynda derde derman häsiýetlisi köpdür. Şu sanymyzda
peýdaly ösümlik bolan şugundyr hakynda okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
 Ýylyň dowamynda saçaklarymyzy bezeýän şugundyryň adamyň saglygy
üçin peýdasy köpdür. Şugundyryň düzüminde köp sanly demir, şeýle hem
deňagramly derejede kalsiý we natriý bar. Şeýle-de onuň düzüminde B
topara degişli ýokumlar köpdür. Ýokumlaryň hut şol topary dyrnaklaryň,
saçlaryň berk we deriniň oňat bolmagyna, şeýle hem nerw ulgamynyň
dogry işlemegine täsir edýär.
 Ol düzüminde saklanýan sinkiň we ýoduň mukdary boýunça gök-önümleriň
arasynda öňdäki orunda durýar.
 Şugundyr böwregiň, bagryň, gan-damar ulgamynyň arassalanmagyna
kömek edýär, şeýle hem gan damarlaryň diwarjyklaryny berkidýär.
 Ol bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, gan
aýlanyşyny gowulandyrýar.
 Onuň düzüminde bar bolan ýokumlar ganazlygy bejermäge ýardam edýär.
Şugundyr iç gatamada diýseň peýdaly bolup, ony içegede näsazlyklar ýüze
çykanda hem giňden peýdalanylýar.
 Ony gipertoniýada ( gan basyşynyň ýokarlanmagynda) hem iýmek maslahat
berilýär.
 Önümiň düzüminde kaloriýanyň az bolmagy ony berhizde hem ulanmaga
mümkinçilik döredýär. Ony buglap iýmek has-da peýdaly.