Ysmanak ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň arasynda iň köp duş gelýän
görnüşleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk
ösümlikleri” kitabynda beýan edilýän bu bir ýyllyk otjumak ösümligiň ýabany we
bakja görnüşleri bardyr. Ýabany ysmanak ýaz paslynda dag eteklerinde tebigy
ýagdaýda gögerýär. Ysmanagyň düzüminde A, C, D, PP, K ýaly witaminleriň
20-siniň, turşuja, limon, alma turşulyklarynyň barlygy anyklanyldy. Mundan
başga-da onuň düzüminde beloklar, ýaglar, uglewodlar, demir, mis, sink, ýod,
kaliý, kalsiý, fosfor ýaly mikroelementleriň, mineral duzlaryň köp mukdary
saklanýar.
Ysmanak oty irki wagtlardan bäri azyk we dermanlyk maksatlar üçin haýyrlanyp
gelinýän ösümlikleriň naýbaşysydyr. Ysmanak bahar paslynda has-da şüwlümli
iýilýär.
Ysmanagyň şypaly dermanlyk häsiýetleri barada Abu Aly ibn Sinanyň
“Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” diýen eserinde beýan edilýär. Ol ysmanagyň
şiresini içgeçmäniň garşysyna ulanypdyr. Ysmanak derman hökmünde
peýdalanylanda şowakörlük, azganlyk, witamin ýetmezçiligi, içgeçme ýaly
keseller bilen kesellän adamlara nepi degýär.