BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisiniň
barşynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Guramanyň agza-döwletleriniň 72-
niň awtordaşlygynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni
alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny» atly rezolýusiýa biragyzdan
kabul edildi.
Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý
sessiýasynyň barşynda eden çykyşynda öňe sürüldi.
Giň gerimli işleri alyp barýan özboluşly meýdança bolmak bilen bilen, BMG-
niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi häzirki
döwrüň derwaýys meseleleri boýunça sebitleýin gepleşikleriň ilerldilmegine
ähmiýetli goşandyny goşýar. Türkmenisatanyň Hökümetiniň we Merkeziň
bilelikdäki hereketleri Merkezi Aziýada parahatçylygyň, durnuklylygyň we
howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy ugrundaky strategiki maksatlaryň
gazanylmagyna gönükdirilen bolup durýar.
BMG-niň bu edarasynyň Merkezi Aziýa sebitinde hereket etmeginiň
netijeliligi Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň noýabrynda Merkeziň
döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp kabul edilen BMG-niň BA-nyň degişli
rezolýusiýasynda hem bellenilip geçilýär.
Türkmenistan «açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirmek arkaly hem-de
ählumumy ykrar edilen Bitaraplyk syýasatyna hemmetaraplaýyn ygrarly bolmak
bilen, iş ýüzünde sebitleýin parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň üpjün
edilmegine gönükdirilen anyk işleri amala aşyrýar. Bu ugurda, halkara
jemgyýetçiliginiň jogapkärli agzasy hökmünde Türkmenistanyň durnukly ösüşiň,
parahatçylygyň we abadançylygyň gazanylmagy ugrunda syýasy-diplomatik
gurallaryň hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň netijeli
ulanylmagy babatynda ençeme geçek çykyş edendigini hem bellemek zerurdyr.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sebitleýin integrasiýanyň
çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen anyk işleri durmuşa ornaşdyrmak arkaly, 2030-
njy ýyla çenli Global Gün tertibiniň hemmetarapalaýyn amala aşyrylmagy üçin
mundan beýläk hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy
boýunça Sebit merkezi tarapyndan alnyp barylýan köpugurly işlere işjeň
gatnaşmagyny dowam eder.