Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň
Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň
dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berýär. Bu barada
“Türkmenistan” gazetinde degişli maglumat çap edildi.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji
ýarymynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-
günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 —
17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9… +14 gradusdan +15… +20
gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28… +33 gradus, welaýatyň kenarýaka
etraplarynda +23… +28 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji
ýarymynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-
günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 —
15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11… +16 gradusdan +15… +20
gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22… +27 gradusdan +28… +33 gradus
aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda
az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan
gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre
ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10… +15 gradusdan +14… +19 gradus
aralygynda maýyl, gündizlerine +22… +27 gradusdan +28… +33 gradus
aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda
az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan
gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre
ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9… +14 gradusdan +14… +19 gradus
aralygynda maýyl, gündizlerine +21… +26 gradusdan +27… +32 gradus
aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň
ahyrynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-
gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 —
15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7… +12 gradusdan +12… +17
gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19… +24 gradusdan +24… +29 gradus
aralygynda maýyl bolar.
Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-
günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 10 metrden 10 —
13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12… +14 gradusdan +16… +18
gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +23… +25 gradusdan +30… +32 gradus
aralygynda maýyl bolar.
Türkmenistan boýunça şu hepdäniň howa maglumaty

RU



