19-njy aprelde Ženewada Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň
(BIEG) ştab-kwartirasynda BIEG-nyň Baş direktory jenap Daren Tanga
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Patent hukugy hakyndaky
Şertnama (2000-nji ýyldaky) goşulmagy hakyndaky Guralyň gowşurylyş dabarasy
geçirildi.
Dabaranyň barşynda Ilçi, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky
Türkmenistanyň hemişelik wekili A.Haljanow Türkmenistanyň abraýly halkara
guramalary, hususan-da BIEG bilen işjeň gatnaşyklara ygrarlydygyny belläp
geçdi.
Baş direktor Türkmenistanyň Şertnama goşulan 43-nji döwlet bolandygyny
bellemek bilen, goşulmagy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdy hem-de
Türkmenistan tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylyp bilinjek we geljekde
goşulmagy mümkin bolan BIEG-nyň beýleki resminamalaryna gatnaşykda hem
islendik goldawlary bermäge taýýarlygyny mälim etdi.
Türkmenistan patent hukugy hakyndaky şertnama goşuldy
