18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag
Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan
çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi.
Tutuş halkymyz, aýratyn-da ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrülen
Mälikguly Berdimuhamedow 1932-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gökdepe
etrabynyň 1-nji Birleşik obasynda doguldy.
Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş
ýyllaryna gabat geldi. Ol şu obadaky mekdebiň soňky ýyllarynda okaýan
döwründe kakasynyň hünärini dowam edip, 1950-nji ýyldan başlap mekdepde ilki
kitaphanaçy, soňra başlangyç synp mugallymy bolup işleýär.
Ol 1952-nji ýylda harby gulluga çagyrylýar. Gulluk döwründe Mälikguly
Berdimuhamedow Özbegistanyň Çyrçyk şäherindäki kiçi serkerdeleri taýýarlaýan
mekdepde okap, 1954-nji ýylda kiçi leýtenant çini bilen Gyrgyzystanyň Oş
şäherinde ýerleşýän Dag atyjylyk harby bölüminde gulluk edýär.
1956-njy ýylda Mälikguly Berdimuhamedow Babarap obasynda mekdepde
işleýär. 1958-nji ýylyň iýun aýyndan 1982-nji ýyla çenli ol Içeri işler
ministrliginde dürli wezipelerde gulluk edýär.
Toplanan tejribe oňa öz işini dürs guramaga, IIM-niň bölümleriniň şahsy
düzümleriniň arasynda syýasy-terbiýeçilik, wagyz-nesihat işlerini geçirmäge,
işgärleriň tertibini we jogapkärçiligini pugtalandyrmak işine goldaw bermäge
ýardam edýär. Ol bu işleri gulluk borjy hökmünde däl-de, eýsem jemgyýetçilik
başlangyçlary esasynda ýerine ýetirýär.
Mälikguly Berdimuhamedow IIM-niň Daşoguz, Mary we Aşgabat şäher
bölümlerinde toparyň serkerdesi, otrýadyň başlygy, nobatçylyk bölüminiň we
işgärler bölüminiň ýolbaşçysy, ştabyň başlygy wezipelerinde işleýär.
1982-nji ýylda podpolkownik harby derejesi bilen hormatly dynç alşa
çykansoň, ol köp ýyllaryň dowamynda ýaşlara bilim-terbiýe bermek işinde zähmet
çekýär. Häzirki Milli bilim institutynda, Pedagogik ylymlaryň ylmy-barlag
institutynda, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginde we beýleki ugurlarda
zähmet çekip, örän döredijilikli we kesgitlenen wezipäni birkemsiz ýerine ýetirýän
işgär hökmünde ykrar edildi.
2012-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen
paýtagtymyzdaky 1001-nji harby bölüme bu ugurda nusgalyk işleri bitiren we
görelde mekdebine öwrülen Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. 2020-nji
ýylyň noýabr aýynda bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen
paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler
ministrliginiň ýaşaýyş jaý toplumyna Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.
Munuň özi manyly ömrüni il-halkyna, mähriban Watanyna bagyş eden beýik
ynsana bildirilen hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow hakyndaky ýatlamalar
biziň kalplarymyzda ebedilik saklanar. Merhumyň jaýy jennet bolsun, Allatagala
oňa iman baýlygyny bersin.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow hakynda ýatlama ýüreklerimizde hemişelik saklanar
Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow hakynda ýatlama ýüreklerimizde hemişelik saklanar

RU



