Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň,
Şweýsariýanyň, Kipriň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen
suwuklandyrylan gazy, polipropileni, uçar kerosinini, nebit bitumyny dizel
ýangyjyny satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň täjirleri ECO-93 “Türkmengaz”
döwlet konserninde öndürilen awtobenzini, Russiýanyň telekeçileri bolsa
polietileni satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Russiýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan,
Owganystan döwletleriniň wekillerine daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna,
gidroarassalanan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi.
Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 31 million 236 müň dollaryndan gowrak boldy.
Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Ermenistanyň işewür
toparlarynyň wekilleri bahasy 3 million 765 müň manatlyk nah ýüplügi satyn
aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 63 million 144 müň manatlykdan
gowrak plastiki paddonlary, pagta-süýümini satyn aldylar.