Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan
hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy
baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynyň açylmagy hem-de onda Gulluk
tarapyndan berilýän birnäçe hukuk hyzmatlaryny almak üçin internediň üsti bilen
online görnüşde sargytlary etmek mümkinçiligiň döredilmegi bellenilmäge
mynasyp täzelikdir.
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan
hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy
baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynda döredilen bu sanly
mümkinçilikden peýdalanmak arkaly şahslar özleriniň gozgalmaýan emläge bolan
hukuklaryny döwlet sanawynda döwlet tarapyndan bellige aldyrmaklyk üçin
Gullugyň Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän ýerli edaralaryna
online görnüşde nobata durup bilerler. Şeýle-de gozgalmaýan emläge bolan
hukuklaryň döwlet sanawyndan bellige alyş işleri bilen bagly maglumatlary
göçürme hem-de kepilnama görnüşde almak üçin online sargytlary edip bilerler.
Mundan başgda, Gulluk tarapyndan Gulluk bilen Gullugyň ýerli edaralary
hem-de beýleki döwlet dolandyryş edaralarynyň arasynda maglumat-
telekommunikasiýa tor aragatnaşygy emele getirildi. Türkmenistanyň döwlet
dolandyryş edaralary bilen Gullugyň arasynda sanly tor aragatnaşygynyň
döredilmegi bilen, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we hukuklaryň
borçlanmalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin zerur bolan
maglumatlary beýleki döwlet dolandyryş edaralaryndan elektron görnüşde sorap
almak işi üstünlikli ýola goýuldy.
Şeýle-de, durmuşa geçirilýän bu işleriň çäginde, Gullugyň Aşgabat şäher
müdirligine we onuň ýerli edaralaryna gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryny
döwlet tarapyndan bellige aldyrmak üçin gelýän şahslaryň ýokary rahatlygyny
üpjün etmek maksady bilen, elektron petekli intellektual turniket nobat ulgamy
ulanyşa girizildi.
Bu sanly mümkinçilikleriň döredilmegi ilki bilen Türkmenistanyň Adalat
ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen
bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli
edaralaryna hukuk kömegini almak üçin gelýän şahslara berilýän hukuk
hyzmatlarynyň ýokary hilini üpjün etmeklige ýardam eder.