Daşkentde tamamlanan suwda ýüzmek boýunça tomusky Olimpiýa
oýunlaryna gatnaşmaga hukuk berýän saýlama ýaryşda, ýagny Özbegistanyň açyk
çempionatynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Bu barada
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi habar berýär.
Bäsleşigiň soňky güni milli ýygyndymyzyň tejribeli türgeni Merdan Ataýew
arkanlygyna ýüzmek boýunça 50 metr aralygy 26,11 sekuntda geçip, 2-nji orna
mynasyp boldy.
Arkanlygyna ýüzmek boýunça 50 metr aralyga guralan ýaryşda Musa Jalaýew
27,37 sekunt netije bilen bürünç medala eýelik etdi.
Şeýlelikde, türkmenistanly suwda ýüzüjiler jemi 7 medala (2 altyn, 3 kümüş,
2 bürünç) mynasyp boldular.
Özbegistanyň açyk çempionatyna Owganysytan Yslam Respublikasyndan,
Hindistan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan we
Türkmenistandan160-dan gowrak türgen gatnaşdy.