Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy şu ýylyň 1-nji iýunyndan 15-nji sentýabryna çenli raýatlar üçin açyk bolar. Bu baradaky karar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, mejlisiň barşynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisiniň netijeleri barada we şu ýylyň tomus möwsüminde raýatlaryň dynç almaklary üçin şert döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň möhleti şu ýylyň 1-nji iýuny — 15-nji sentýabry aralygy diýlip kesgitlenildi we 1-nji iýundan 15-nji iýun aralygynda myhmanhanalaryň we kottejleriň umumy meýdanynyň ýarysy peýdalanylar.

Mundan başga-da, ministr dynç alyş möwsüminde ýüze çykýan meseleleri dessine çözmek üçin Dolandyryş merkezini döretmek, Hazar deňziniň türkmen kenarynyň bellenen nokatlaryndan suwuň, howanyň we topragyň barlaglaryny meýilnamalaýyn geçirmek teklip edilýändigini belledi.

Dünýäde we sebitde COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagy bilen baglylykda, Hazar deňziniň kenarynda we Awazada tomus döwründe raýatlar üçin syýahatçylyk, dynç alyş hem-de suwa düşmek çäklendirmeleri 2020-nji ýylyň 15-nji maýynda girizildi.

Berdiýewa Aýsoltan

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.