Singapur-Nýu-York dünýädäki iň uzak uçuşlaryň biridir. Uçar 19 sagat töweregi howada bolup, 15 müň kilometrden gowrak uçýar.

Singapurdan Jon Kennedi halkara howa menziline ýene bir uçuş şu hepdäniň başynda bolup geçdi. Uçuşyň masştabyna garamazdan, hiç kimiň onuň bilen uçmak üçin bilet satyn almak zerurlygy çykmady. Şeýlelikde Singapore Airlines awiakompaniýanyň laýnerinde ýolagçylardan ekipažyň agzalary has köp boldy.

Belli bir sebäplere görä, A350-900ULR bortunda 161 oturgyçda bary-ýogy 11 ýolagçy bardy. Olar bilen bilelikde ýene-de 13 adam – dokuz ekipaž agzasy we dört uçarman bardy.

Ýolagçylardan biri adaty bolmadyk uçuş barada Twitterde gürrüň berdi. Bir ekipaž agzasynyň sözlerine görä, häzirki wagt Singapurdan Nýu-Yorka uçuşyň iň pes möwsümi. Şeýle-de bolsa, uçuşlar dowam edýär, sebäbi awiakompaniýa haryt daşamak arkaly, çykdajylaryň bir böleginiň öwezini dolup bilerler.