Ispaniýanyň Mursiýa awtonom jemgyýetindäki mekdepleriň biri ýaş okuwçylary kenar okuwyna geçirdi. Dymyk synp otaglarynda oturmagyň ýa-da öýde uzak aralykdan okamagyň ýerine, mugallymlar okuwçylar üçin Los Nietos kenarynda sapaklar guradylar.

Mugallymlar irden sekizde sapaklara taýýarlyk görüp başlaýarlar – zerur sosial aralygy saklap, çägäniň üstünde stollary, oturgyçlary we göçme tagtalary goýýarlar. Sapaklar 20 minut dowam edýär, arakesmelerde bolsa çagalar kenarda ylgap bilerler. Bu ýagdaýda eşik we aýakgap görnüşi islendik bolup biler.

Deňiz kenaryna göçüp gelen mekdebiň, bir ýyllyk pandemiýada ýeke galan çagalaryň özüne gelmegine kömek etýän “Fresh Air” programmasyna gatnaşýandygy bellendi.

Muňa garamazdan, mekdep okuwçylary we mugallymlary hökmany ýagdaýda maska geýmeli. Häzirlikçe açyk meýdandaky okuwa 6 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalar gatnaşýar diýip , Reuters habar berýär .