Galaxy Quantum 2 beýleki smartfonlardan tapawutlylygy ýörite kwant çip QRNG bolmagydyr. Ol enjamyň platasyna aýratyn ýelmenýär we şifrlemek üçin tötänleýin sanlaryň doly emele gelmegine jogapkärdir – bu smartfondaky maglumatlar üçin çynlakaý goragy üpjün edýär. Hüjüm edýänler haýsydyr bir ýagdaýda smartfonyňyza girip bilseler-de, şifrlemek düwmelerini hiç hili çaklap bilmezler.

Myş-myşlara görä, Galaxy Quantum 2 üçin esas hökmünde, entek anons edilmedik Galaxy A82 kabul edildi. Kompaniýa ony ýakyn wagtda hödürlär. Smartfonda Full HD + çözgütli we täzeleniş tizligi 120 Hz bolan super AMOLED ekrany, geçen ýylky Snapdragon 855+ prosessor we 4500 mAh akkumulýator bar.

Kwant smartfonynyň birinji wersiýasy ýaly, Galaxy Quantum 2-de diňe Koreýada satylar.

Häzirlikçe kompaniýa diňe kwant goragy bilen tejribe geçirýär we ortaça alyjy üçin näderejede peýdaly we zerurdygyny barlaýar we diňe şondan soň şeýle çözgüt beýleki modellerde-de ulanylyp biler.

 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Fizika fakultetiniň talyby; Babajanow Rustam