Garrylar öýüniň ýaşaýjylarynyň öý haýwanlaryna bolan küýseglerini azaltmak üçin köplenç itleri we pişikleri bu ýere getirýärler. Emma Amerikanyň Eşewil şäherindäki “Accordius Health” -yň ýaşaýjylary gaty üýtgeşik mymyk tüýli myhmanlar – bir jübüt bilesigeliji aýy çagajyklary bilen duşuşdylar.
Aýyjyklar garrylar öýüne özleri geldi. Olar aýna gapyny açdylar, kabulhana girdiler we töweregine göz aýlap başladylar. “Accordius Health” -yň işgärleri gülkünç pursaty surata düşürdiler we sosial ulgamlarda paýlaşdylar. Wideoda olaryň aýyjyklar bilen salamlaşmalaryny eşidip bilersiňiz.
WLOS-TV üçin berilen teswirde, edaranyň işgärleri, garaşylmadyk myhmanlar ýaşaýjylaryň hemmesiniň ýylgyrmagyna sebäp bolandygyny aýdyldy.
Aýyjyklar Accordius Health-dan penjeleri bilen gapyny açyp özbaşdak çykdylar.