The New England Journal of Medicine žurnalynda çap edilen makalada
alymlar gan topary bilen koronawirus agyrlygynyň arasyndaky baglanyşygy
tassykladylar.
Bu garaşsyz gözlegleriň Hytaýyň lukmançylyk edaralarynda, ABŞ-nyň
Kolumbiýa uniwersitetinde we Eýranyň Mazandaran lukmançylyk uniwersitetinde
geçirilendigi habar berildi.
Gözlegçiler, COVID-19 keselini iň agyr geçirýänler ikinji gan toparyny
göterijiler diýen netijä geldiler. Şol bir wagtyň özünde, üçünji we dördünji toparlar
üçin agyr kesel howpy ikinjiden az, ýöne birinji topardan has köp. Ozal habar
berlişi ýaly, A (II) gan topary bolan adamlarda koronawirus COVID-2019 keseli
ýokuşma howpy uly, diýip lukman Yevewgeniý Komarowskiý özüniň “Youtube”
kanalynda degişli wideoýazgysynda aýdýar.
Komarowskiý "A (II) gan topary bolan adamlaryň koronawirus ýokuşma
howpunyň has ýokarydygyny hem-de ol jyns we ýaş tapawudyna bagly däldir" –
diýip belläp geçýär.
COVID-19 üçin iň ejiz gan topary haýsy: soňky gözlegleriň netijeleri
