Ol bir ýyldan gowrak wagt bäri ummanda alymlaryň gözegçiliginde hereket
edýärdi.
Bir ýyldan gowrak alymlaryň hem-de habar beriş serişdeleriniň
gözegçiliginde bolan äpet aýsberg — A68 indi howply däl. ABŞ-nyň Milli buz
merkeziniň habaryna görä, aýsberg bütinleý eräp, indi yzarlap bolmaýan ownuk
böleklere bölündi.
Aýsberg A68-iň 2017-nji ýylyň iýul aýynda Larsen buz şelfinden aýryldy. Şol
wagt ol 175 km ululyga 50 km we massasy bir trillion tonna bolup, dünýäde iň uly
hasaba alnan aýsbergleriň birine öwrüldi.
Aýsberg birnäçe ýyllap gymyldysyz bolup, diňe geçen ýylyň başynda uly
tizlik bilen demirgazyga tarap ýola düşdi. Alymlar we habar beriş serişdeleri onuň
hereketini ýakyndan yzarladylar, sebäbi uly tebigy betbagtçylyga sebäp bolup
biljek äpet buzuň Günorta Jorjiýa adasyna çaknyşmagynyň ähtimallygy bardy.
Ýöne 2020-nji ýylyň ahyryna, ýyly suwlar we howanyň ýokary temperaturasy
sebäpli aýsberg kem-kemden ownuk böleklere bölünip başlady we tiz wagtdan
bütinleý eräp gutardy.
Dünýädäki iň uly aýsbergleriň biri bütinleý eredi
