“Hakyky Rapunzel” ady bilen tanalýan Hindistandaky Modasdan 18 ýaşly
Nilanshi Patel 190 sm-den gowrak uzynlykdaky saçyny kesdi.
Ondan öň gyz ýetginjekleriň arasynda iň uzyn saçyň eýesi hökmünde
Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi. Patel ýerli dellekhana şowsuz saparyndan
soň, alty ýaşyndan bäri saçyny kesmedi.
Gyz ABŞ-daky Ginnesiň Rekordlar kitabynyň muzeýine saçyny sowgat
bermek kararyna geldi. "Fox News" gyzyň sözlerine salgylanyp: "Saçlarym maňa
köp zat berdi – olaryň saýasynda men" hakyky Rapunzel "hökmünde tanalýaryn …
Indi munuň öwezine bir zat bermegiň wagty geldi" -diýdi.Ol saçlary sergi
hökmünde beýleki adamlara ylham berer diýip umyt edýär.
Indi Patel gysga saçly we daş keşbinden hoşal. “ Bu ajaýyp! Geň galdyryjy –
men kiçijik şa gyzyna meňzeýärin! "-diýip gyz saçyny kesenden soň aýnada özüni
ilkinji gezek görende begenip gygyrdy.
Hindistanly «Hakyky Rapunzel» 12 ýylda ilkinji gezek saçyny kiçeltdi
