Her gün birnäçe gurallar Ýeriň howa we kosmos ýazgylaryny ýerine
ýetirýärler. Dünýäde bolup geçýän zatlaryň hemmesi diýen ýaly hemra we beýleki
uçarlarda oturdylan kameralar we datçikler arkaly surata düşürilýär, ölçelýär,
yzarlanýar we derňelýär.
Kadrlary tebigy reňklerde surata düşürip bolýar – şular ýaly suratlarda
obýektler hakykatda görşümiz ýaly düşürilýär. Ýöne reňkleriň, tebigy däl ýagty
görünýän ýa-da hakykatda ýok reňkli, suratlary hem bar. Köpspektral diýip
atlandyrylýan şekiller, görünýän ýagtylykda tapawutlanmaýan detallary öwrenmek
üçin zerurdyr.