Ýewropanyň Super ligasy ýaryşa gatnaşyjylaryň hataryndan iňlis klublarynyň
çykmagy esasynda gyssagly ýygnak geçirdi. Onda ýaryşyň togtadylandygy yglan edildi.
Bu barada matchtv.ru habar berýär.
“Ýewropanyň Super ligasy ýewropa futbolynyň häzirki ýagdaýynyň üýtgetmeleri talap
edýändigine ynanýar. Biz täze ýewropa ýaryşyny hödürleýäris, sebäbi häzirki ulgam
güýjüni ýitirdi. Biziň teklibimiz sporty ösdürmegi, ähli futbol piramidasynyň ösüşi üçin
zerur çeşmeleri bermegi we durnuklylygy üpjün etmegi, şol sanda pandemiýa döwründe
maliýe kynçylyklaryna sezewar bolan ähli futbol jemgyýetine kömek bermegi maksat
edinýär.
Daşary basyşlaryň netijesinde şeýle karara gelmäge mejbur bolan iňlis klublarynyň
gidendigine garamazdan, biz teklibimiziň Ýewropanyň ähli kanunlaryna we düzgünlerine
doly laýyk gelýändigine ynanýarys, bu kazyýetiň Super ligany üçünji taraplaryň
hereketlerinden goramak baradaky karary bilen hem tassyklandy.
Häzirki ýagdaýlary göz öňünde tutup, biz janköýerlere has gowy täsirleri hödürlemek,
şol bir wagtyň özünde ähli futbol jemgyýeti üçin raýdaşlyk töleglerini artdyrmak
maksadymyzy hemişe ýatlamak bilen, taslamanyň görnüşini üýtgetmegi göz öňünde
tutarys” – diýip, žurnalist Rob Harris Super liganyň beýannamasyny Twitterde
görkezýär.
Belläp geçsek, ilkibaşda 12 klub Super liga gatnaşjakdygyny tassyklady, ýöne
“Mançester Siti”, “Liwerpul”, “Mançester Ýunaýted”, “Arsenal”, “Tottenhem” we “Çelsi”
soňky sagatlarda ýaryşdan çykdy.