Örän giň we gymmat bahaly infrastruktura eýe bolan Norwegiýa döwleti
çuň deňizdäki nebit we gaz pudagyny saklamak üçin suwasty enjamlar, müňlerçe
kilometre barabar bolan turbageçirijileri gurmak, olary barlamak we abatlamak
işlerini dowam edýär. Häzirki wagtda bu işleriň has ygtybarly, arzan we
hapalanmazlygyny üpjün edip biljek häzirki zaman suwasty dronlar we robotlar
işlenilip düzülýär. Olaryň arasynda alty metr uzynlygyndaky, ýylana meňzeş robot
örän amatly bolup, onuň sensorlary we her ujunda kamera bar. Ony alty aýlap 500
metr çuňlukda saklap bolýar.
Özi-özi hereketlenýän bu awtonom robot suwasty klapanlary işletmek üçin
gurallary we çotgalary arassalamak, çalyşmak, deňiz çökündilerini aýyrmak ýaly
dürli işleri ýerine ýetirýär. Şeýle hem zarýad bermek üçin stansiýa yzyna gaýdyp
barmazdan ozal 20 kilometr ýoly geçmäge ukyply.
Çuň suw guýularynda we turbageçiriji ulgamlarynda abatlaýyş işleri eýýäm
pilotsyz ulaglar tarapyndan amala aşyrylýar. Adatça, bu ulaglar indi “ekipa ship”
gämisinde deňiz meýdançasyna äkidilmeli we soňra gäminiň üstünde uzakdan
dolandyrylmaly. Roboty öndüren “Eelume Subsea Intervention” kompaniýasynyň
başlygy Pal Lilebackyň aýtmagyna görä, bu enjam bir günde 100,000 dollarlyk işi
ýerine ýetirip biler.
Allaýar SEÝITLIÝEW
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
talyby.