Birnäçe aý öň Miçigan ştatynyň demirgazygynda adamlar athanada iki sany kiçijik
pişigi tapdylar. Olar aç we gorkup, diwara ýapyşdylar we kömege mätäçlikleri sebäpli
islegsiz meýletinçileriň eline tarap ýörediler. Şeýlelik bilen, ýerli haýwan hukuklary
aktiwisti Anna Dikerson-Homanyň eline düşdüler.
Ilkinji barlaglarda urkaçy pişiklerde köp sanda ownuk kemçilikleri tapdy, ýöne
suwa düşürilenden soň, bularyň hemmesinden başgada pişikleriň biriniň egri
penjelerini, adaty bolmadyk tegelek garnyny we guýrugynyň ýoklugyny gördi.
Weterinar lukmanlarynyň pikiriçe, bularyň hemmesi pişikdäki dogabitdi kemçiliklerine
– oňurga bifidasyna, penjeleriň deformasiýasyna we newrologiki kynçylyklara şaýatlyk
edýär.
Anna pişige Lisa diýip at dakdy we özbaşdak ideg edip başlady. Saglyk
kynçylyklaryna garamazdan, pişik hemişe işjeň we şadyýan, diňe towşan ýaly ylgaýar
diýmeseň. Anna we onuň adamsy ýakyn wagtda Lisa üçin täze eýe tapmagy
meýilleşdirýärdiler, ýöne pişigiň olar bilen geçiren birnäçe aýyndan soň onuň ýeri öz
ýanlarydygyny düşündiler.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Athanada tapylan agsak aýakly ýetim pişikleriň halas edilişiniň wakasy
Athanada tapylan agsak aýakly ýetim pişikleriň halas edilişiniň wakasy
