Lukman Karan Raj irden ýadaw oýanmagyna, düşekde näçe sagat sarp edilendigi
bilen bagly däl-de, eýsem uky aýlawynyň ortasynda oýanmak bilen baglanyşykly bolup
biljekdigini mälim etdi. Bu barada TikTok- da degişli wideo goýuldy.
Lukmanyň pikiriçe, şähdaçyk bolmagyň ýoly "90 minutlyk düzgün"-de jemlenýär.
Onuň sözlerine görä, her bir sikl ýüzleý uky döwründen başlaýar we çuňňur uky
döwrüne geçýär soňra ýene-de ýüzleý uky döwrüne gaýdyp gelýär. “Bu siklleriň her biri
takmynan 90 minut dowam edýär. Şol 90 minutlyk aýlawlaryň biriniň soňunda
oýansaňyz, siz özüňizi şähdaçyk duýarsyňyz "-diýip Raj düşündirdi.
Hünärmen, adamyň oýanmaly wagtyndan başlap, adamyň ýatmak üçin amatly
wagtyna çenli 90 minut sanamalydygyny düşündirdi.
Lukman şähdaçyk oýanmagyň aňsat usulyny tapdy
