Ýabany tebigat suratçysy, hindistanly Ismail Şerif Gimalaý daglarynyň Spiti
jülgesinde surata düşüren gar barsynyň suratlaryny çap etdi.
Bu haýwanlar gizlenmek üçin ajaýyp ukyby bilen tapawutlanýarlar, daşky
gurşaw bilen şeýle bir birleşýärler welin, asla görünmeýärler. Şerifiň täze suratlary
munuň aýdyň tassyklamasydyr. Barsyň suratça tarap kellesini öwüren kadryndan
başga ýerde, suratda ýabany pişigi tapmak mümkin däl diýen ýaly.
Şerifiň gürrüňlerine görä, gaplaňlar ýaşaýan ýerlerine "uýgunlaşýarlar": käbir
ýerlerde gara-ak sütükli, käbir ýerlerinde bolsa sary-çal sütükli haýwanlary tapyp
bilersiňiz. Bu barsy daş-töwereginde görünmez ýaly edýär we aw wagtynda oňa
kömek edýär.
Daş barsyň suratlary sosial media ulanyjylarynyň ünsüni özüne çekdi we tiz
ýaýrady.