“Polaroid” kamerasynyň asyl nusgasyny öndüriji, Polaroid kompaniýasy-
taryhda tiz çap edýän iň kiçijik kamera “Polaroid Go” atly täze wersiýasyny
çykardy.
Kameranyň korpusynyň ölçegi 10 × 8 × 5 sm, agramy häzirki zaman
smartfonlarynyň köpüsinden az. “Polaroid Go” -yň işleýiş prinsipi üýtgemedi –
kartoçkaly kartrij salýarsyňyz, surata düşýärsiňiz we derrew kagyz ýüzünde
taýynjak suraty eliňize alýarsyňyz. Dogry, kartoçkalaryň özi hem kiçi – 6,6 × 5,3
sm, surat ondan hem kiçi.
Tiz çap etmek tehnologiýasy bolan kameralaryň öň peýda bolandygyna
garamazdan, häzir olar meşhurlygyň ikinji tolkunyny başdan geçirýärler.Ýaşlar
surata düşenlerinden soň derrew kartoçka alyp, ony görnükli ýere goýmagy ýa-da
dostlaryna sowgat bermegi halaýarlar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Fizika fakultetiniň talyby; Babajanow Rustam