Rus prodýuseri we Amerikan Kinomatografiýa sungatynyň we ylymlar
akademiýasynyň agzasy Aleksandr Rodnýanskiý Oskar baýragynyň eýesi bolup
biljegi filmi atlandyrdy. Bu barada "Komsomolskaýa Prawda" tarapyndan habar
berilýär.
Kinomatografistyň pikiriçe, baş baýragy "Çarwalaryň ýurdy" filmi alar, we
bu, filimiň baş rolyny ýerine ýetirijisi Françes MakDormandyň üçünji altyn
heýkeli bilen sylaglanmasy bolup biler. Tomas Winterbergiň “Ýene-de bir”
filminiň iň gowy halkara filmi diýlip yglan ediljekdigini Prodýuser belledi.
Mundan öň Amerikanyň Kinomatografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy
93-nji "Oskar" baýragyna dalaşgärleri yglan etdi. Aktrisa Priýanka Çopra we
sazanda Nik Jonas onlaýn ýaýlymda dalaşgärleriň atlaryny yglan etdiler.