Amerikanyň Birleşen Ştatlary koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde
"ägirt uly üstünlik" gazandy, soňky aýlarda ýurtda ýokuşmalaryň sany ep-esli
azaldy. TASS-yň habaryna görä, bu 27-nji aprelde Amerikanyň lideri Jo Baýden
tarapyndan mälim edildi.
Onuň sözlerine görä, Waşington, mundan soňra mätäç ýurtlara COVID-19
garşy sanjymlary we özlerinde öndürlen tehnologiýalar bilen üpjün edip
biljekdiklerine ynanýarlar.
Mundan başga-da, ABŞ-nyň prezidenti ýokuşmalaryň sanynyň ep-esli
artmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýan Hindistana zerur dermanlary ibermek niýetini
tassyklady. Bu mesele Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bilen telefon
arkaly ara alnyp maslahatlaşyldy .