Monjugyň planetar ümürliligi Ýerden 15 000 ýagtylyk ýyly aralygynda ,
kiçijik we dumanly Ýaý ýyldyzlar toplumynda ýerleşýär. Ol Güne meňzeş bir-
birine ýakyn aýlanýan ýyldyzlar tarapyndan emele geldi.
Takmynan 10,000 ýyl ozal garry ýyldyzlaryň biri giňelýär, kiçi hemrasyny
gurşap alýar we astronomlaryň "umumy barda" diýýän zadyny emele getirýär.
Kiçijik ýyldyz özünden has uly hemrasynyň içinde aýlanmagyny dowam etdirdi.
Ol bölekleriniň kosmosa öwrülip,halka görnüşinde şöhläniň emele getiren
pursadynda çenli,aýlaw tizligini ýokarlandyrdy.
Ýyldyzlaryň özara täsirleşmeleri wagtynda emele gelen, gazyň dykyz
lagtalary halkanyň töwereginde göz gamaşdyryjy "göwherleri"emele getirdi.
Monjugyň dumanlylygynyň täze şekillendirmesi Hubble teleskopy
tarapyndan döredildi we soňra ösen usullar bilen gaýtadan işlenildi. Bu, gyzykly
kosmos obýektiniň täze we kämil görünmegine mümkinçilik berdi.
Kosmosda äpet "göwher monjuk" tapyldy
