Binagärlik dizaýn bilen meşgullanýan WATG kompaniýasy, dünýäniň
paýtagtlarynda we şäherlerinde has köp gök agaçlar peýda bolsa nähili bolup
biljekdigini görkezdi.
Dizaýnerler kompýuter animasiýalary döretdiler, onda pyýada ýörelgelerde
agaç baldaklary peýda bolýar, balkonlar güller bilen örtülýär we beýik binalaryň
üçeklerinde baglar ösýär.
WATG öz online-taslamasyny "partizançylyk ýaşyllaşdyrma" diýip
atlandyrýar. Kompaniýa, bu proýektiň şäher häkimleriniň, şäher giňişliginiň has
gowy we sagdyn tarap üçin üýtgetmegine ylham berip biljekdigine ynanýar.