Suwasty arheologlar Şweýsariýanyň Luserne kölüniň aşagynda bürünç
asyryna degişli bolan şäherçe tapdylar.
Geçen ýylyň ahyrynda ýerli häkimýet turbageçirijiniň gurluşygyna
taýýarlyklaryň çäginde köl düýbüni çuňlaşdyrýan işlerini başlatdylar. Mart aýynda
arheologlar kölüň düýbünden köp sanly agaç üýşmeleri we keramiki gaplary
çykardylar.
Agaç üýşmeler jaý gurmak üçin ulanylypdyr. Görnüşe görä, gadymy döwürde
bu ýerde ilatly şäherçe ýaşapdyr. Radiouglerodly wagt belleme tapyndylaryň
ýaşyny kesgitlemäge kömek etdi -olar takmynan 3 müň ýyllyk. Bu Lýuserne
kantonyndaky belli şäherçeleriň içinde iň gadymysydyr.
Gadymy döwürde bu oturymly ýer kölüň kenarynda ýerleşýärdi, ýöne XX
asyrda suwuň derejesi takmynan 5 metre çenli ýokarlandy we epeý ýerleri suw
basdy.