Esasy täzelikleriň biri, premium flagman Xiaomi Mi 11 Ultra bolar – mundan
öň kompaniýa täze batareýa tehnologiýasyny alan smartfonlaryň arasynda onuň
ilkinji boljakdygyny aýtdy. Indi bolsa IP68 standartyna laýyklykda suwdan doly
goraýan hakyky gorag goşdular .
10 ýylyň içinde öndürilen önümçilikde, Xiaomi-de suwdan goragly korpusly
bir smartfon hem ýokdy – damjadan goraýan modeller bardy, ýöne suwa
çümdürmek olar üçin örän güýçli kynçylyk bolup galdy. Täze flagman Mi 11 Ultra
bolsa ýarym sagatlap 1,5 metr çuňlukda durup biler.
Ýöne ýokary ähtimallyk bilen, suwdan goramak kepillik bilen üpjün
edilmeýär – häzirki zaman öndürijileriniň hiç biri, IP68 standartyna laýyklykda
goralsa-da,eger içine suw giren bolsa, enjamy mugt bejermez.