Aprel aýynyň ahyrynda Reddit çeşmesinde beýikligi 70 santimetre ýetýän gaty uzyn ördegiň suraty peýda boldy, ol örän çalt ýaýrady we Twitter-e göçdi. Hut şol ýerde uzyn bedenli we boýynly guş hakyky ýyldyz boldy.

Görnüşi ýaly, bu ördek köpler üçin tanyş – ol Angliýanyň demirgazygyndaky Ýorks uniwersitetiniň çägindäki howuzda ýaşaýar, ol eýýäm hakyky meşhurlyga öwrüldi we Long Boi (Uzyn ýigit) adyny aldy.

Bu ýaşylbaş ördek, adaty süýrenýän ýabany ördeklerden tapawutlylykda, örän uzyn boýy hem-de çalt ylgaýşy bilen hindi ýyndamlarynyň jynsyna degişlidir.

Umumy gyzyklanma Long Boy-y sosial ulgamlaryň hakyky ýyldyzyna öwürdi we ulanyjylar uzyn ýaşylbaş bilen suratlar we ýatlamalar döredip başladylar.