Terapewt Tina Petrowskaýanyň pikiriçe, birden horlanmak agyr keselleriň bardygyny görkezip biler.
Lukmanyň aýtmagyna görä, çalt horlanmagyň ilkinji sebäbi rak keseli bolup biler. Şeýle hem alty aýyň içinde bedeniňiziň agramy bäş kilogram azalmagyndan hem seresap bolmaly. Hünärmen, durmuş faktorlary bilen baglanyşykly bolmasa, anyk däl alamatlara, mysal üçin ýadawlyga, gowşaklyga gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Göwräniň göze görünýän üýtgemeleri bolmadyk ýagdaýynda horlanmak hem howplydyr. Terapewt: “Şeýle hem, ýürek-damar ulgamynyň keselleri bilen, meselem dowamly ýürek ýetmezçiligi agram azaldyp biler, ýöne näsag muny duýman biler” -diýdi .
Akyl hassalygy hem adamyň agramyna täsir edip biler diýip Petrowskaýa sözüni jemledi.