Portugaliýada dünýäniň iň uzyn asma pyýada köprüsi açyldy.
Desganyň uzynlygy 516 metr bolany üçin 516 «Arouca» diýlip atlandyryldy. Bu köpri Aroka şäherindäki ajaýyp Agieiras şaglawugynyň gapdalynda ýerleşýär. Köpri sportuň ekstremal görnüşi bilen meşgullanýan Jülgedäki seýilgähiň üstünden uzalyp gidýär.
Köprüden geçmek 10 minut töweregi wagt alýar. 176 metr beýiklikdäki aýak astyndaky agaç germewiň aşagyndan joşgunly Paýwa derýasy görünýär.
Tibet görnüşindäki asma köpri polat simler we iki sany ullakan V şekilli diň bilen saklanýar. Ol Portugaliýanyň “Itecons” studiýasy tarapyndan dizaýn edildi we gurluşyk üç ýyl dowam etdi.
Gurbangül Annaýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby