Stratolaunch Model 351, Roc ady bilen hem tanalýan uçar ikinji uçuşyny amala aşyrdy. Ol 29-njy aprelde Kaliforniýadaky Mohawe howa giňişliginiň portundan ýokary galdy. Uçuş üç sagatdan gowrak dowam etdi. Roc dört müň metr belentlige çykyp, sagatda 320 km tizlige ýetdi.
Iki fuzelli Stratolaunch Model 351-iň özboluşlylygy-onuň ululygydyr. Ganatlaryň giňligi taýdan onuň deňi ýokdur – uzynlygy 117 metr.
Ol alty sany Pratt & Whitney PW4000 turboreaktiw hereketlendirijisi bilen işleýär. Uçaryň ýük göterijiligi 227 müň kg, uçuş agramy 540 müň kg. Doly ýükli uçaryň iň ýokary uçuş aralygy 2200 km.
Uçar ilkinji uçuşyny 2019-njy ýylyň aprelinde amala aşyrdy. Kompaniýanyň eýeleri uçary Talon-A gipersonik ulaglar üçin ykjam uçuş platformasy hökmünde ulanmagy niýetleýärler we uçuşy 2023-nji ýylda geçirmegi meýilleşdirýärler.