9-njy oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Beskostyny kabul etdi, ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Belarusuň doly ygtyýarly wekili döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyp, ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny bellediler, munuň özi iki tarapyň hem uzakmöhletleýin bähbitlerine kybap gelýär.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň amala aşyrylýan strategiýasy, innowasiýa häsiýetli önümçilikleri döredilmegi hem-de eksport ugurly önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmek bilen baglylykda türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri açylýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belldi.

Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek, möhüm taslamalary bilelikde amala aşyrmak, okgunly häsiýete eýe bolan özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň özenini düzdi. Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz hem-de diplomat ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň möhümdigi barada aýtmak bilen, medeniýet, ylym, bilim we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky pikiri beýan etdiler. Ýakyn wagtda Belarus Respublikasynda geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ähmiýeti bellenildi.