Aktýor Arnold Şwarsenegger “gaty içgysgynç” “Oskar” baýragyny tankytlady. Onuň bilen geçirilen söhbetdeşlik Jimmy Kimmel Live kanalynda ýerleşdirildi.

Artist dabaranyň diňe üçden birine tomaşa edendigini, soň bolsa öçürendigini aýtdy.

Söhbetdeşligi alyp baryjy Jimmi Kimmel çäräni nädip has gyzyklandyryp boljakdygyny sorady. Şwarsenegger, indiki gezek dabarany Muscle Beach-da, ýogaçylaryň, gimnastikaçylaryň we sirk ýerine ýetirijileriniň dürli çykyşlaryny ýerine ýetirýän ýerinde geçirilmeli diýip bu soraga degşip jogap berdi.

Bu ýyl Amerikan tomaşaçylary 25-nji aprelde geçen”Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasyna uly bir dykgat bermediler. ABC teleýaýlymynda dabara bary-ýogy 9,8 million adam tomaşa etdi. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 58 göterim az. Şol wagt çärei ekranlaryň öňünde 23,6 million tomaşaçy ýygnady, bu onuň anti-rekord bolupdy.