Analitiki kompaniýa Canalyst 2021-nji ýylyň birinji çärýeginiň (ýanwar, fewral, mart) netijelerini jemledi we dünýäde smartfon üpjünçiliginde öňdebaryjy önüm öndürijileriň sanawyny düzdi.
Bäş sany öňdebaryjy kompaniýalaryň hemmesi çalt ösüşi görkezdi – esasanam Xiaomi we Oppo, Samsung üçin bu çärýek kompaniýanyň tutuş taryhynda rekord boldy.
Smartfon pudagynyň öňdebaryjylary seýrek üýtgeýärler, adatça diňe ilkinji bäşligiň içindäki ýerlerini üýtgedýärler. Soňky ýyllarda bu bazardaky iň möhüm üýtgeşiklik, ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli bazar paýyny ýitiren Huawei bilen baglanyşykly.
Umuman aýdanyňda, smartfon bazary geçen ýylyň birinji çärýegine garanyňda üçden birine golaý ösdi – dünýä pandemiýadan soň kem-kemden dikelýär. Ýöne analitikler çipleriň we beýleki elektron bölekleriniň global ýetmezçiligi sebäpli ýagdaýyň erbetleşip biljekdigini duýdurýarlar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Fizika fakultetiniň talyby: Babajanow Rustam