9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara sergisi we maslahaty açyldy. Hazaryň kenarynda her ýyl geçirilýän foruma Türkmenistanyň öňdebaryjy syýahatçylyk kärhanlarynyň hem-de bu ulgamda ýöriteleşdirilen Awstriýadan, Germaniýadan, Bolgariýadan, Polşadan, Türkiýeden, Kanadadan, Hindistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan gelen 70-e golaý kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar.
Awazada geçirilýän forumyň esasy wezipeleri taryhy-medeni ýadygärlikleri, ruhy we maddy mirasy we halkymyzyň hem-de bu çärä gatnaşyjy ýurtlaryň däp-dessurlaryny wagyz etmekden, dünýä syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bilen bar bolan hem-de kemala gelýän täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
«Seýrana» myhmanhanasynda guralan serginiň açylyşynda aýdym-saz we tans toparlary çykyş etdiler. Sergide dünýäniň dürli ýurtlarynda teklip edilýän döwrebap syýahatçylyk hyzmatlarynyň giň toplumy, şypahana-dynç alyş, myhmanhana-işewürlik ulgamlarynda we garyşyk ugurlarda döwrebap tehnologiýalary hem-de sanly ulgamlary giňden ulanmakda toplanan tejribeler we ýetilen sepgitler görkezilýär.
Gözden geçirilişe gatnaşyjylaryň hatarynda “Türkmendemirýollary”, “Türkmenaragatnaşyk”, “ Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleri, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty, Türkmen döwlet Medeniýet instituty, Söwda-senagat edarasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik banky, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk kärhanalarynyň, ugurdaş hususy kärhanalaryň onlarçasynyň, Awazanyň myhmanhanalarynyň wekilleri gatnaşýar. Sergi Türkmenistanyň hem-de onuň sebitleriniň täsin syýahatçylyk künjekleri bilen tanyşmaga, syýahatçylyk we myhmansöýerlik ulgamyndaky meýiller barada, dynç alşyň dürli görnüşlerini guramak, medeni-wagyz hem-de ülkäni öwreniş işleri barada täze maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.