- 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda «Hatyra» kitabynyň birinji jildiniň gaýtadan işlenen ikinji neşiri çapdan çykdy. Bu neşir Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň esgerlerine bagyşlanýar.
Bu taryhy-resminamalaýyn iş Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlarça wepat bolan, dereksiz ýiten esgerleriň we serkerdeleriň edermenligine bagyşlanýar.
Kitabyň sahypalarynda Mälikguly Berdimuhamedowyň “Uruş bolmasyn!” atly goşgusy hem-de döwlet Baştutanymyzyň uruşdan gaýdyp gelmedik esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp ýazylan adybir aýdym baradaky ýatlamasy bolan “Durnalar” atly goşgusy ýerleşdirildi.
Giriş makalasynda Ahal welaýatyndan we Aşgabat şäherinden esgerleriň faşistik basybalyjylara garşy göreşlerde görkezen edermenlikleri, tylda zähmet çekenleriň tutanýerliligi beýan edilýär.
Şeýlelikde, bar bolan maglumatlara görä, Ahal welaýatyndan hem-de paýtagtymyzdan hereket edýän goşuna 62 müňe golaý adam çagyrylypdyr.
Şeýle hem kitapda sylag hatlary we suratlary ýerleşdirilen SSSR-iň Gahrymanlary — türkmenistanly esgerler hakynda maglumatlar ýerleşdirildi.
Kitabyň gaýtadan işlenen jildi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň çapa taýýarlamagynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Kitap giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.