Gollandiýanyň hökümeti ahyrsoňy tomaşaçylara Rotterdamda geçiriljek
"Ýewrowideniýe" aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmaga rugsat berdi. Bu barada De
Telegraaf gazeti habar berýär.
Gazetiň habaryna görä, ýaryşyň taýynlygyna, ýarym finala we finalyna
biletler 8-nji maýda satylyp başlar. Şeýlelikde tomaşaçylar wagty 24 sagatdan
geçmedik koronawirus üçin otrisatel testi görkezmeli bolarla. Zala 3,5 müňden
köp bolmadyk tomaşaçy girer.
Tomaşaçylara synagyň çäginde"Ýewrowideniýa" gatnaşmagyna rugsat
beriljekdigi aprel aýynyň başynda mälim edildi. Şeýle hem bolsa,şol wagt
epidemiologiki ýagdaý ýaramazlaşan ýagdaýynda bu gowşamalaryň ýatyrylmagy
barada çaklamalar bardy. Hem-de çärä diňe Gollandiýanyň ýaşaýjylarynyň
çagyrylýandygy bellenildi.
Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigi 18-nji maýdan 22-nji maý aralygynda
Rotterdamdaky Ahoý Arenada geçiriler.