Laýyk 75 ýyl ozal Tokioda iki ýapon matematigi we fizigi tarapyndan
Totsuko kompaniýasy esaslandyryldy. Kompaniýanyň ady "Tokio
Telekommunikasiýa Senagat Kompaniýasy" diýip düşündürilýär. Soň bolsa
meşhur halkara Sony markasyna öwrüldi.
1950-nji ýyllaryň ahyrynda kompaniýany esaslandyryjylar önümlerini
Amerikan bazaryna çykarmak kararyna geldiler. Soňra kompaniýanyň adyny
üýtgetmek baradaky karara geldiler – täze at iňlisçe gürleýän raýatlar üçin ýönekeý
we düşnükli bolmalydy. Kompaniýa ses güýçlendiriji enjamlary döretmägi
meýilleşdirdi we şonuň üçin latynça "sonus" – "ses" sözüne ünsi çekdi.
Döredilen ilkinji günlerinden başlap, “Sony” enjamlary Amerikan bazarynda
uly meşhurlyga eýe boldy. Ösüşiň çaltlaşmagy, täze oýlap tapyşlaryň peýda
bolmagyna kömek etdi.