Amerikanyň Neýperwil şäherinden 12 ýaşly Erik Klabel doňdurma
taýaklaryndan 6.157 metrlik diň gurdy.
Adaty bolmadyk gurluş eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Bu ýetginjek çagalyk döwründen bäri agaç taýajyklardan heýkeller ýasap
gelýär. Ol ilki dürli jaýlary we oýunjaklary ýygnaýardy we birnäçe ýyl mundan
ozal adaty bolmadyk şekiller bilen synag edip başlady.
Klabelanyň pikiriçe, heýkeltaraşlygyň iň kyn bölegi berk binýady
gurmaklykdyr. Erik piramida görnüşini saýlady we bu onuň çaklamalaryny dogry
çykardy. Minara örän berk boldy.