Meksikadaky Forbes žurnalynyň neşirine görä, Meksikanyň Guanahuato
ştatynyň La Purisima suw howdanynyň üstünde XIX asyr ybadathanasy göründi.
Her ýyl gurakçylyk möwsüminde bu neoklassiki we barokko şekilinde gurlan
ybadathananyň depesi suwuň üstünden ýokary galýar. Emma 2021-nji ýylda suw
rekord derejede düşdi we tutuş ybadathana bütinligine diýen ýaly görünýärdi.
1979-njy ýylda Merýem enäniň hormatyna gurlan ybadathanany we
töweregindäki Sangarro şäheri suw basdy. Bu ýurduň Prezidenti Joseoze Lopez
Portillo, Sangarrodan 25 km uzaklykda ýerleşýän Irapuato şäherini suw basmak
howpy sebäpli bu sebitde 1,2 müň gektar meýdany bolan bent we suw howdany
gurmagy buýurdy.
Meksikada 200 ýyllyk ybadathana suw howdanynyň üstüne çykdy
