Rimiň günorta-gündogaryndaky Italiýanyň Iserniýa şäherinde arheologlar
ilkinji Rim imperatory Oktawian Awgustyň heýkeliniň mermerden kellesini
tapdylar.
Kelläniň beýikligi 35 santimetr. Bu, heýkeliň beýikliginiň 2 metrden
gowrakdygyny aňladýar. Heýkel biziň eramyzdan öňki 20-nji we biziň eramyzyň
10-njy ýyllar aralygynda döredilipdir. Ony Lunigiana şäherinden gazylyp alnan
mermerden Wozroždeniýe döwründe Mikelanjelo hem öz heýkelleri üçin şol bir
mermeri ulandy.
Alymlar bu möhüm heýkeliň näme üçin bu ýerde ýerleşendigini bilenoklar.
Adatça, şular ýaly eserler şäher forumynda imperiýa maşgalasynyň kultuna
bagyşlanan ybadathanalarda ýerleşdirilipdir. Emma Iserniýada iň ýakyn forumyň
ýerleşýän ýerini, arheologlar entek anyklamadylar.