Aşgabat şäherinde 21-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň binasy açyldy. Bu
açylan merkez türkmen halkynyň baý mirasyny aýap saklamak, dowam etmek we
dünýä ýaýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimizde giňden
ýaýbaňlandyrylan uly möçberli işlere mynasyp goşant bolar.
Açylan binalar toplumynda gatynda muzeý, kitaphana, maslahatlar zaly we
ýöriteleşdirilen otaglary ýerleşdirilen.
Muzeýde meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewleriniň we meşhurlyk gazanan
alabaýlaryň özboluşly heýkelleri, nakgaş eserleri, çitilen halylary ýerleşdirilen.
Binanyň kitaphanasynda türkmen alabaýlaryna we ahalteke bedewlerine
bagyşlanan eserleriň giň toplumy ýerleşdirilen. Hormatly Prezidentimiziň behişdi
bedewlerimize we edermen alabaýlarymyza bagyşlanan kitaplary aýratyn orny
eýeleýär. Merkeziň maslahatlar zaly we ýöriteleşdirilen otaglary häzirki döwrüň
talaplaryna laýyk görnüşde taýýarlanan. Bu ýerde dürli mejlisleri, forumlary,
duşuşyklary, maslahatlary geçirmek üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň Prezidenti, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň
başlygy Serdar Berdimuhamedow açylan binalar toplumynda ilkinji mejlisini geçirdi.
Hormatly Prezidentimiziň berýän goldawlarynyň netijesinde dünýäniň aýrylmaz
bölegine öwrülen atşynaslyk we itşynaslyk sungatyny mundan beýläk goramak,
ösdürmek we köpeltmek, geljekki nesillere ýetirmegiň inçe tälimlerini öwretmek hem-
de halypalyk etmek işlerinde has tapawutlanan atşynaslara we itşynaslara
“Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy”,
“Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” hormatly atlary berildi.
H.Hoşdurdyýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň başlygy.