Biziň hemmämiz demirgazyk şapagyň sowuk möwsümde demirgazyk
ýurtlarda görmäge öwrenişdik, ýöne awstraliýaly suratçy Jeýson Beýti bu tebigy
serginiň beýleki geografiki giňişliklerde we howa şertlerinde bardygyny görkezdi.
Beýti, Awstraliýanyň Hobart şäheriniň golaýyndaky Tasmaniýa adasynyň
gijeki asmanynda ýaşyl we gülgüne şapaklaryň tans edýän ajaýyp wagtyny wideo
ýazga düşürdi.
Bu reňkli ýazgyny suratçy özüniň Facebook sahypasynda ýerleşdirdi we
wideony hiç hili redaktirlemändigini we asyl nusgasynda çap edendigini aýtdy.
Belläp geçmek, häzir Awstraliýada senenama güýz döwri dowam edýär.
Şeýle hem bolsa gündiz howanyň temperaturasy noldan 15 dereje ýokarydyr.
Maý aýyndaky «Demirgazyk şapagyny» Awstraliýada surata düşürdiler

RU












