Polşanyň Kaşubiýa sebitinde tüweleýe we meduzaň aýaklaryna çalym edýän
geň bulutlar göründi.
Bu seýrek duş gelýän hadysanyň suratlaryny ýerli ýaşaýjy Anna Nideska
sosial ulgamlarda paýlaşdy.
Suratlary görenler teswirde "Asmandaky başagaýlyk" diýip ýazýarlar.
Suratda köplenç toplary ýa-da öýjükleri ýatladýan elin sypatly bulutlaryň
seýrek görnüşi görkezilýär. Şeýle bulutlar adatça tropiki giňişliklerde ýüze çykýar
we tropiki siklonlar bilen baglanyşyklydyr, ýöne kämahal ýyldyrym çakanda, aram
klimatda-da emele gelýär.
Polşada asmanda «däli» bulutlar peýda boldy
